10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda
2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň
jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň,
welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de
ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan
wezipeler kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de
okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa
geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde
durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady
görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi
durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu
görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk
ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim,
hyzmatlar ulgamynda 7 göterim boldy.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda
jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn
önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda
bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende,
10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet
kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde degişli işler alnyp baryldy.