16-njy dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň
häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün
tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri
girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly
ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu
ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen
ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda,
ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem ýokarlanýar. Döwlet býujetine
serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet
haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda
tölenýär.
Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň
jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, muňa garamazdan, yhlasly we
netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli
ösdürmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý many-mazmunly bolandygyny aýdyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.