21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň
dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan
desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze
merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň
barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary
diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal
welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan
işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil
taslamalary bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda
öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly degişli
ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ýaýbaňlandyryljak
medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyna ünsi
çekmek bilen, bu taryhy ähmiýetli waka eýýäm häzirden taýýarlyk görmelidigini
belledi we birnäçe ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.