Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda ýurdumyzyň sport äleminde hem guwandyryjy wakalar bolup geçýär. «SalamNews»-iň
habar bermegine görä, golaýda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy
topary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçýän okuw-türgenleşik
ýygnanyşygynyň çäginde nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Türkmen
ýygyndysy bu oýunda BAE-niň Premýer-ligasynyň ýaryş tertibinde birinji orunda
barýan «Şabab Al-Ahli» futbol klubunyň garşysyna çykdy.
Dubaý şäheriniň «Raşid stadium»
stadionynda bolan oýunda taraplaryň ikisiniň hem garşylyklaýyn hüjümleriniň
birnäçesi bellige alyndy. Ýoldaşlyk duşuşygy ýerli klubuň peýdasyna tamamlandy.
Bu duşuşyk 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama
tapgyryna ykjam taýýarlyk görýän milli ýygyndy toparymyz üçin ajaýyp tejribe
boldy.
Sözümiziň içinde bellesek, biziň
toparymyzyň Dubaýda geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde taktiki
hem-de fiziki taýýarlyga uly orun berilýär. Bu ugurdaky türgenleşikler her gün
iki wagtyna geçilýär. Ýygyndy toparymyzyň 18-nji oktýabra çenli dowam etjek
okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň baş maksady Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama
tapgyryna taýýarlyk görmekden ybaratdyr.
Biz sportda we bedenterbiýede
Türkmenistan döwletimiziň halkara at-abraýyny belende göterýän türkmen
türgenlerimize buýsanýarys.