Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň resmi saýty işläp başlady. Internet-portalda milli parlamentiň Mejlisiniň palatasynyň gurluşy we işi barada anyk maglumatlar ýerleşdirilen. Saýta girýänler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kodeksleri, kanunlary we kararlary bilen tanşyp bilerler.
Onuň halkara işine, hususan-da, daşary ýurt döwletleri bilen parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerindaki özara gatnaşyklara, ÝHHG-nyň Parlament bileleşigi (IPU) we Parlament assambleýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn bölüm bagyşlanan.
Şeýle hem saýtda ýurt barada wajyp täzeliker hem berlen.