milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
30.12.2022 814 Habarlar

Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy dekabry.