Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri
işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we
onuň düzümini tassyklamak hakynda
Milli döwlet gurmak we dolandyrmak meselelerinde
toplanan baý taryhy tejribämize daýanmak bilen, şeýle hem Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da
kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça
teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýär:
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de
umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmeli we onuň düzümini
tassyklamaly.
2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen
konstitusion topar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň
Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalaryny
taýýarlamaly hem-de olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek
bilelikdäki maslahatyna bellenen tertipde hödürlemeli.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow.