14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň
döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza
gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň
dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir
alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň, şol
sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine
deglip geçildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bu gurama synçy
derejesinde goşulyşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny
tassyklady.