20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen
ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin
bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň
hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady we beýleki esasy ulgamlarda işjeň ösdürilýär.
Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, geljegi uly ugurlar boýunça, şol
sanda energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ulag, medeni-ynsanperwer
ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Russiýanyň köp
sebitleri Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen netijeli
göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Bilelikdäki işewürler maslahatyna we beýleki
çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýanyň beýleki birnäçe
subýektleriniň ýolbaşçylary geldiler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň parlamentara gatnaşyklar bilen
üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.