14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet
Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen
Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we özara
bähbitli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar sebit we
halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişmek
derejesini görkezýärler. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz sebitleýin we halkara
guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary derejede geçirilýän
duşuşyklar hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär.
Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň
geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda dürli ugurlarda, şol
sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän
sebitleýin we halkara syýasatyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň
bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä
we sebit forumlarynyň belent münberlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň
möhümdigini aýratyn belledi.