2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburgda
geçirilýän onunjy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti
gatnaşdy.
Amatly daşky gurşawy üpjün etmek,
ýaşyl we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini
rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada bellendi. Daşky gurşawa
aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we ýaş nesilleri ekologiýa taýdan terbiýelemek
boýunça uly tagallalaryň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy.
Ekologiýa we durnukly ösüş babatda
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary beýan
edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ekologiýa gün tertibini
düzmäge gönükdirilen başlangyçlary uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň tebigaty
goramak ugrunda BMG-niň birnäçe esasy konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy,
ugurdaş halkara guramalaryň çäklerinde uly işleriň alnyp barylýandygy, sebit derejesinde,
şol sanda, Hazarýaka döwletleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigi barada
nygtaldy.
Şol günüň özünde Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar dürli
ugurlardaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özara
düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary
derejesini nygtadylar.