Düýn – 25-nji
noýabrda mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onuň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip
taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garaldy. Maslahata
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.
«Türkmenistanyň
2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem
«Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda»
Mejlisiň Kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri
boldy. Bu babatda Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp
maslahatlaşmalar geçirildi.
Maslahatda ýerli býujetleriň geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňüne tutulan görkezijilerine garaldy. Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de halkyň bähbitlerine we onuň abadan durmuşyna hyzmat eder.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen beýleki kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.