Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty
geçirildi. Bu barada milli Parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, 28-nji iýunda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň milli kanunçylygyny
döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän
gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip
taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp
maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete
girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp
maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi
hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi
topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy
hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna-da seretdiler.
Maslahatda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara girmegi babatynda
wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da
kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigi göz öňünde tutulyp,
«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça
girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada
hem aýdyldy. Taslama laýyklykda, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny bilen Içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere
laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki borçlarynyň hataryna, bellenilen
tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan
pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik
şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada
borjy kesgitleýän täze kada goşmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň gümrük serhedinden
harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan
resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda
töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen, «Türkmenistanyň
Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy bellenildi. Taslama laýyklykda,
töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy
barada düşünjeleriň girizilmegi we aýdyňlaşdyrylmagy teklip edilýär. Şeýle hem
Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak
ulgamyny ulanmagyň Strategiýasyny kesgitlemek, Türkmenistanyň gümrük
kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak,
Türkmenistanyň serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we
tizleşdirmek boýunça şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, maslahatda «Gümrük gullugy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamasynyň düzgünleşdirýän meselesi barada durlup geçildi. Taslama
laýyklykda, hereket edýän kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz
üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden
geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we
şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda, gümrük
gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak
ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalary girizmek göz öňünde
tutulýar.
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi
Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze
çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder.
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi diýlip, habarda aýdylýar.