22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Baş
sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň giň
ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika,
ulag, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ýaly
ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu
ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen, yzygiderli
amala aşyrylyp, anyk netijelere ýetmäge gönükdirilendir. BMG-niň Merkezi Aziýa
üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy
Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere, şol sanda Mejlisiň guraýan
forumlaryna gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, olaryň
ähmiýeti barada nygtady. Şeýlelikde, bu çäreleriň netijeleri sebitde
parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze
mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
ösdürilmeginde, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw bermekde
Natalýa Germanyň ägirt uly şahsy goşandy bellenildi. Şeýle-de sebit merkeziniň
ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň berkidilmeginde
möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.