17-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, alymlar, syýasatşynaslar, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Maslahat mowzuklaýyn ugurlaryň üçüsi boýunça geçirildi. Olary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň many-mazmuny utgaşdyrýar. Birinji mejlisde adam we raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyzyň gadymy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň döwrüň talaplaryna laýyklykda demokratiýanyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Konstitusiýamyzyň döwlet gurluşynyň milli usulyny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi bellenildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde milli hukuk ulgamynyň orny barada forumyň ikinji mejlisinde edilen çykyşlarda nygtaldy.
Üçünji mejlisiň dowamynda edilen çykyşlar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň taryhy we
syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Olarda ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleri bilen
energetika, ulag, suw diplomatiýasy boýunça alyp barýan köptaraply we netijeli
işi barada aýdyldy.