Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
dünýäde öz ösüş ýoly bilen häzirki zaman we kuwwatly döwlet hökmünde okgunly
öňe gitmeginde we döwletliligiň milli nusgasyny döretmekde ägirt uly hyzmatlary
bitiren, adyl, adalatly, öňdengörüji, parasatly, ynsanperwer garaýyşlary bilen
halk içinde ägirt uly abraýdan peýdalanýan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna
eýe bolan görnükli şahsyýetleriň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet bermek bilen,
türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň
döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýan hem-de häzirki zaman
jemgyýetinde durmuş hakykatyna we halkymyzyň erk-islegine laýyk gelýän şu
Konstitusion kanun türkmen halkynyň Milli Liderini ykrar edýär, syýasy we hukuk
ýagdaýyny kesgitleýär.