milli goshun logo
Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi
10.02.2024 504 Habarlar

Düýn – 9-njy fewralda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde häzirki döwürde dürli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň türkmenistanlylaryň kanunçylykda berkidilen hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerini goraýandyklaryny nygtadylar.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.