11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar
merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we
Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde
durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun
çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede
kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy
babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň
ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň
wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden
ugur alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk
Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň
Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de
makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi
bes edilýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun
çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir
palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar.