Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Toýly Kömekowdan ynanç hatyny kabul etdi. Dabara Italiýanyň
Prezidentiniň resmi edarasynda – Kwirinal köşgünde geçdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi T. Kömekow
Italiýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň
adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem döwletara
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin diplomatik tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy.
Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella
mähirli sözleri üçin hoşallyk bildirdi we öz gezeginde, türkmen Liderine iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi.