Düýn – 31
oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we
jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar
gatnaşdylar.
Milli Liderimiz mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.