20-nji aprelde Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň
binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň
mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
mejlisi açyp, şu günki mejlisiň döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly
jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda
geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,
welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň,
etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň
arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat
şäheriniň we welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň we
jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýändigini
belledi.
«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu edaralar welaýat, etrap, şäher
häkimlikleri bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we
welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy
wezipelere ünsi çekdi.
«Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda,
döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary, ýagny welaýatda — welaýat
halk maslahaty; welaýat hukukly şäherde — şäher halk maslahaty; etrapda — etrap
halk maslahaty; etrap hukukly şäherde — şäher halk maslahaty döredilýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň
agzalarynyň esasy ygtyýarlyklaryny belledi.