milli goshun logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.05.2023 665 Habarlar

29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi hem-de birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, şeýle-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.