Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwlete iş saparynyň çäklerinde
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen
duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler
halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň
meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga
esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini nygtadylar. Türkmen
halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Tatarystanyň dürli ugurlarda ýeten
sepgitleriniň Mintimer Şaýmiýewiň kabul eden öňdengörüjilikli çözgütleriniň we
garaýyşlarynyň netijesidigini belledi. Ol häzirki günde-de Tatarystan
Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi wezipesinde öz halkyna hyzmat etmegini
ýadawsyz dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp,
türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýän özara
bähbitli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandy
üçin Mintimer Şaýmiýewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler
gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara
baýlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam
berjekdigine we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat
boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.