milli goshun logo
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
28.09.2020 1384 Habarlar

27-nji sentýabrda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda şanly sene – Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär. “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary bilen geçýän şu ýylda bu giň gerimli hem-de şatlykly baýramçylyk biziň ählimiz üçin aýratyn many-mazmuna eýe bolup, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli wakalary özünde jemleýär.

Baýramçylyk däp bolşy ýaly, harby ýörişden başlanýar. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Soňra ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň üsünlikleri hem-de gazananlary görkezilip başlandy. Şunda ugurdaş mazmunda owadan bezelen awtoulaglar geçip, şol üstünlikleri aýdyň görkezdi.

Dabaralar “Küştdepdi” tansy bilen tamamlandy. Tansyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda howa şarlary bilen birlikde, parahatçylygyň we bagtyýarlygyň, hoşniýetli arzuwlaryň hem-de nurana umytlaryň nyşany hökmünde arzuwlary özünde jemleýän ak kepderiler asmana uçuryldy.