Şu günler ýurdumyzda sport
ýaryşlary uly üstünliklere beslenýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň futbol
çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklary futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma
döredýär.
Belläp geçsek, «Arkadag» topary öz meýdanynda «Şagadamy» 3:2 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňşinden soň 51 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde öňdeligi elden bermeýär. 9 utugy bolan «Şagadam» ýaryş tertibiniň ahyrky — 9-njy ornunda barýar.
Beýleki duşuşykda «Ahal» Balkanabadyň «Nebitçisiniň» garşysyna çykyp, duşuşyk 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şeýlelikde, 30 utuk toplan «Nebitçi» üçünji, 20 utugy bolan «Ahal» bolsa bäşinji orunlary eýeleýärler.
Şu gün — 3-nji noýabrda 20-nji tapgyryň ýene iki duşuşygy geçirildi. Onuň çäginde «Energetik» «Merw» hem-de «Altyn Asyr» «Aşgabat» duşuşdy.