4-nji
aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy,
şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen
anyk çäreler kesgitlendi.