milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.11.2024 162 Habarlar

Düýn – 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, Milli goşunymyzy iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.