milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.10.2023 873 Habarlar

Düýn – 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýan Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän harby gullukçylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaş serkerdeleriň we esgerleriň nazary hem-de söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurory, içeri işler ministri, Ýokary kazyýetiniň başlygy, milli howpsuzlyk ministri, Döwlet serhet gullugynyň başlygy, adalat ministri, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.