milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
15.02.2024 567 Habarlar

Düýn – 14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barlan işler hakynda aýdyldy. Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi we birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.