7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby
we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň
jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we
asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler
hem girizildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy
barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümlere häzirki zaman
tehnologiýalaryny hem-de harby ulgamda toplanan öňdebaryjy tejribäni, şol sanda
sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş
ugurly meseleleri çözmek babatda ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek
boýunça görlen çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzüm bölekleriniň işiniň döwrebap
derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler
bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
serkerdeleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýaş esgerleriň watançylyk
ruhunda terbiýelenilmegine, harby gullukçylaryň söweşjeň hem-de nazaryýet
taýýarlygyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine
diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri
durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli görkezmeler
berildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki
meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.