Düýn – 3-nji iýulda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy,
parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň
başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazary
bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, nobatdaky harby gulluga çagyryşyň
netijeleri, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek
dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýolbaşçylary şu ýylyň alty aýynda durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada
hasabat berdiler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.