Düýn – 2-nji maýda
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy
üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu
ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini
üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň
gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby
gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby
gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam
etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän çäreler
hakynda aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri
barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.