22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan
işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün
etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi.
Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan
ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bermek üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.