Düýn – 16-njy ýanwarda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin
göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary
tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu
edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem
Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da
kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmagyň, döwrüň talabyna laýyklykda sanly ulgamy
ornaşdyrmagyň hasabyna Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa
geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri
çözmekde ýerine ýetirilen anyk işler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän
harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby
gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri
barada aýratyn bellenildi.
Mejlisiň barşynda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleriniň alnyp barylýan
işler barada beren hasabatlary diňlenildi we olara anyk tabşyryklar berildi.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini hem-de bu işiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.