milli goshun logo
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
11 sagat öň 14 Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze, döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär, bu ugurda uly möçberli gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Welaýatlarda täze etraplary döretmeli we olary atlandyrmaly:

1) Ahal welaýatynda täze etraby döretmeli we oňa «Altyn asyr» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Altyn asyr etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Kaka etrabynyň dolandyryş çäginden 307903 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Çäçe, Mäne geňeşliklerini; Sarahs etrabynyň dolandyryş çäginden 26700 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Balykçylyk geňeşligini; Tejen etrabynyň dolandyryş çäginden 271152 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Altyn asyr şäherini we bu şäheriň dolandyryş tabynlygyndaky Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalaryny, Döwletli, Gurban Durdy, Waharman geňeşliklerini Altyn asyr etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Altyn asyr etrabynyň edara ediş merkezi edip Altyn asyr şäherini bellemeli;

2) Daşoguz welaýatynda:

a) täze etraby döretmeli we oňa «Garaşsyzlyk» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Akdepe etrabynyň dolandyryş çäginden 894378 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Andalyp şäherini, Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçäni we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Bagty, Bamyly, Çildir, Gyzyl, Keşler, Meňiş, Omarly, Orman obalaryny, Agzybirlik, Ak altyn, Altyn toprak, Gyzyltakyr, Magtymguly Garlyýew adyndaky, Nurmuhammet Andalyp adyndaky, Sapyş Çerkezow adyndaky, Sazanda, Şabat, Täzezaman, Üçkepderi geňeşliklerini Garaşsyzlyk etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Garaşsyzlyk etrabynyň edara ediş merkezi edip Andalyp şäherini bellemeli;

b) täze etraby döretmeli we oňa «Gubadag» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň Gubadag etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Boldumsaz etrabynyň dolandyryş çäginden 66895 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Gubadag şäherini, Gökçäge şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Duzlyköl, Maňňyt obalaryny, Abadanlyk, Akýaýla, Amyderýa, Babadaýhan, Baýdak, Bereketli, Bitarap Türkmenistan, Çowdur, Gökýaýla, Gubadag, Jeýhun, Ýaşlyk geňeşliklerini Gubadag etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Gubadag etrabynyň edara ediş merkezi edip Gubadag şäherini bellemeli;

3) Lebap welaýatynda:

a) täze etraby döretmeli we oňa «Döwletli» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap welaýatynyň Döwletli etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Hojambaz etrabynyň dolandyryş çäginden 220776 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Döwletli şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat, Garagum, Miras obalaryny, Berkararlyk, Hojahaýran, Pagtaçy, Tallymerjen, Täze durmuş geňeşliklerini; Köýtendag etrabynyň dolandyryş çäginden 183540 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat, Türkmenistan, Ýalkym geňeşliklerini Döwletli etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Döwletli etrabynyň edara ediş merkezi edip Döwletli şäherçesini bellemeli;

b) täze etraby döretmeli we oňa «Farap» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap welaýatynyň Farap etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Çärjew etrabynyň dolandyryş çäginden 396447 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Farap şäherini, Jeýhun şäherçesini, Bitik, Garamyş, Hanoba, Hojakenepsi, Jendi, Kyraç, Osty geňeşliklerini Farap etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Farap etrabynyň edara ediş merkezi edip Farap şäherini bellemeli;

ç) täze etraby döretmeli we oňa «Garabekewül» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap welaýatynyň Garabekewül etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Saýat etrabynyň dolandyryş çäginden 498897 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny, Akgala, Baý, Dostluk, Ärsarybaba, Lamma, Rahmançäge, Seýdi, Soltanýazgala, Zelili adyndaky geňeşliklerini Garabekewül etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Garabekewül etrabynyň edara ediş merkezi edip Garabekewül şäherini bellemeli;

4) Mary welaýatynda täze etraby döretmeli we oňa «Oguzhan» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Mary welaýatynyň Oguzhan etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Murgap etrabynyň dolandyryş çäginden 39127 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini we Deňizhan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Kiçi Hanhowuz, Sähra obalaryny, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini; Sakarçäge etrabynyň dolandyryş çäginden 165266 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Gökhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Oguzhan etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;

Oguzhan etrabynyň edara ediş merkezi edip Parahat şäherçesini bellemeli.

2. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň edara ediş merkezini Akdepe şäherine geçirmeli.

3. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Kepele» adyny dakmaly hem-de bu obany Öňaldy geňeşliginiň düzümine goşmaly.

4. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşligini ýatyrmaly, bu geňeşligi we onuň düzümindäki Gorjaw obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly.

5. Lebap welaýatynda şu ilatly ýerleri, ilatyň ýaşamaýandygy we ilatyň sanynyň kanunçylykda bellenilenden azdygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly:

1) Çärjew etrabynyň Osty geňeşliginiň Gyrteki obasyny;

2) Köýtendag etrabynyň Garrygala geňeşliginiň Hojaşüllük obasyny, Köýten geňeşliginiň Mälik obasyny.

6. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň hem-de Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

7. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.GULMANOWA.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.