Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler
ministri Reşit Meredow BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça
Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk
geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýörite
düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy durmakda we onuň ýetiren
durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligi
bellenildi.
Şu jähtden Türkmenistanda howply keselleriň
öňüni almak, şol sanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan
daşary toparyň işi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün
etmegiň Meýilnamasy, şeýle hem ýurduň COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň
elýeterlik Binýadyna goşulmak babatda alyp barýan işleri beýan edildi.