25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda saldamly şertnama-hukuk binýady bar, şeýle-de parlamenatara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti netijeli hereket edýär, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki gatnaşyklar hem sazlaşykly ýola goýuldy.