18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Deňiz giňişliklerini
çäklendirmeleriň atlasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara
gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň,
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriň,
pudaklaýyn edaralaryň, ylmy we okuw edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde
geçirilen Bäşinji Hazar sammitinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň,
Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky
Konwensiýa gol çekdiler. Konwensiýa deňziň akwatoriýasynyň içki suwlara,
territorial suwlara, balykçylyk zolaklara we umumy suw giňişliklerine
çäklendirmelerini göz öňünde tutýar şeýle-de deňiz giňişlikleriniň hukuk
ýagdaýyny kesgitleýär.
Gepleşikler üçin habar beriji we suratly
maglumatlary taýýarlamak, şeýle-de deňiz giňişlikleriniň çäklendirmeleri bilen
bagly meseleleri öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty,
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň geografiýa kafedrasy bilelikde «Deňiz giňişliklerini
çäklendirmeleriň atlasyny» taýýarladylar.
Atlas ähli ummanlary gurşap alýar. Neşir üç tomdan
ybarat bolup, türkmen we rus dillerinde taýýarlanylandyr. Atlasda territorial
deňizleriň, ýanaşýan zolaklaryň, adaty däl ykdysady zolaklaryň, yklym
şelfleriniň, balykçylyk zolaklaryň, göni çykyş liniýalaryň we gorlaryň
bilelikde özleşdirme zolaklarynyň serhetleri we daşky çäkleri görkezilendir. Bu
çäklendirmeleriň esasy bolup durýan resminamalaryň atlary we kabul edilen
seneleri hem görkezilendir.
Atlasyň döredilýän wagtynda, 2016-njy ýylda Malta
Respublikasynda geçirilen deňiz çäklendirmeleri meseleleri boýunça ýörite okuw
maslahatynyň dowamynda onuň görkezme tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu çäräniň
netijesinde halkara deňiz hukugy boýunça bilermenler Atlasyň deňiz
çäklendirmeleri boýunça gepleşikleriň dowamynda hem-de degişli ugurlar boýunça
bilermenlere hünär kämilleşdirmek üçin gollanma hökmünde ulanylmagynyň
peýdalydygy barada öz pikirlerini aýtdylar.
Atlas halkara deňiz hukugyny öwrenýän ylmy işgärler, aspirantlar, mugallymlar we talyplar şeýle-de deňiz giňişliklerini çäklendirme meseleleri bilen meşgullanýan bilermenler tarapyndan ulanylyp bilner.