2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary
syýasy edarasynyň binasynda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatynda
Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi.
Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň,
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň
Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa
boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan
boýunça ýörite wekili we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň
ýolbaşçysy R.Otunbaýewa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi, Türkmenistanyň
Hyrat we Mazary-Şerif şäherlerindäki baş konsullary, şeýle hem wideoulgam
arkaly Bütündünýä Bankynyň Owganystandaky we Gazagystandaky şahamçalarynyň
müdirleri gantaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň we ösüşiniň
ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady meseleler
boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.
Bu duşuşyk Owganystandaky wakalar we
ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän
ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Taraplar Owganystanyň durnukly,
parahat we ösýän ýurda öwrülmegine berk ygrarlylyk bildirdiler hem-de
Owganystanyň halkyna kömek bermekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny
bellediler.