22-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen
Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik
işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon
arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn
hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň daşary
syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin
we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligi
bellenildi.