03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing
23.05.2020 64 Habarlar

22-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing boldy.

Bu gezekki brifing hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda, umuman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň hem-de onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan üçünji brifingdir. Adam saglygyny goramak babatynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegi bu çäräniň esasy maksatlarynyň biridir.

Bu gezekki duşuşykda ýokanç kesellerine garşy göreşde hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ylmy-lukmançylyk binýadyny berkitmekde alnyp batylýan işleriň örän ähmiýetli ugurlarynyň birnäçesine oňa gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.