milli goshun logo
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk geçirdi
08.07.2020 936 Habarlar

7-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanýer bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işleriň ynsanperwerlik jähtlerine aýratyn üns bermek arkaly Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň meýdançasynyň çäkleri bilen bir hatarda demokratik gymmatlyklarynyň we tejribeleriniň ilerledilmegine ygrarlydygy hem bellenilip geçildi.