2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary
işler ministri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura
ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün
tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň
arasyndaky ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly gepleşiginiň ýokary
derejesi aýratyn bellenildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara
guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerinde, oňyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini
bellediler.