5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň
arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda
häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki
döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly
meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.