«Bitaraplyk
syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün
etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji
ýanwara geçilen gije internete goýberildi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen
2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli
forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus
dillerinde taýýarlanyldy.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözleri hem täze saýtyň konsepsiýasyny
we many-mazmunyny kesgitleýär. Saýtyň baş wezipesi şol maslahata,
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan iri
çärelere, bu şanly sene bilen bagly möhüm wakalara taýýarlyk görlüşini we
barşyny beýan etmekden ybaratdyr.
Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar. Saýt www.neutrality.gov.tm salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge, şeýle hem Türkmenistan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.