Giriş
Baş Assambleýanyň 75-nji ýubileý mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş ulgamynyň işinde iň möhüm wakalaryň biridir. Ol häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň ornuna obýektiw baha bermäge gönükdirilip, onuň bar bolan global özara gatnaşyk ulgamynyň sütüni bolup durýan, halkara giňişliginde parahatçylygy gorap saklamagyň we bähbitleriň deňagramlylygyny, emele gelen howpsuzlyk gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili bolan iň abraýly, kanuny köpugurly halkara forum hökmünde çykyş edýär.
Öňümizdäki mejlisiň dowamynda Türkmenistan halkara hukugynyň köptaraplaýyn kadalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasynda halkara gatnaşyklarynyň we dünýä ykdysadyýetiniň köpugurly esaslaryny berkitmek ugrunda gyşarnyksyz çykyş edip, BMG-niň halkara meselelerinde öňdebaryjy we utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk amaly çäreleri durmuşa geçirer.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebit we halkara gün tertibindäki meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini iş ýüzünde amal etmek boýunça işi dowam eder.
Ylalaşylan köptaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, şeýle-de global strategiýalary we maksatnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklygynyň mümkinçiliklerinden, şonuň ýaly-da BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşindäki (ECOSOC), BMG-niň Söwda we Ösüş Konferensiýasynyň Söwda we Ösüş boýunça Geňeşindäki (UNCTAD), BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetindäki, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyndaky, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasyndaky, BMG-niň Durmuş Ösüşi boýunça Komissiýasyndaky, BMG-niň Ösüş maksadynda Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyndaky we BMG-niň beýleki düzümlerindäki agzalygyndan gelip çykýan mümkinçiliklerinden doly peýdalanar.
Pandemiýa garşy göreşde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy
Häzirki wagtda, adamzadyň täze global wehim bolan koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda Türkmenistan koronawirusa garşy we onuň ýaýramagynyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady netijeleri bilen bagly göreşdäki halkara bileleşiginiň utgaşykly tagallalaryny goldaýar.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň pandemiýa garşy göreşmek üçin ýaragly çaknyşyklarda ot açyşlygyny bes etmek boýunça, şeýle hem BMG-niň ösen strategiýalaryna we koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryna hem-de strategiýalaryna esaslanýan global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny goldaýarys.
Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň ýaýramak meselesiniň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar.
Özüniň bu ugurdaky ädimlerini dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen aýakdaş alyp barmak bilen, Türkmenistan ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we beýleki ugurdaş pudaklardaky hünärmenleriň ulgamlaýyn gatnaşygyny ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikiriň esasy maksady täze koronawirusyň gelip çykyşynyň tebigatyny, bu ýokançdan döreýän keselleriň ýüze çykyş görnüşlerini, şeýle hem olary bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen köptaraplaýyn ýokary hünär dialogyny döretmekden ybaratdyr.
Türkmenistan pandemiýa garşy bilelikde göreşmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn guramaçylyk gurallarynyň kämilleşdirilmeginiň ýa-da döredilmeginiň zerurlygyny aýratyn belleýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäginde halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini, hususan-da, koronawirusyň täze görnüşine garşy göreşde tehnologiýalara we işläp taýýarlanylýan lukmançylyk serişdelerine ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegine niýetlenen «ACT-Accelerator» başlangyjyny we "C-TAP» platformasyny goldaýarys.
Köptaraplaýyn tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ýokary derejelere ýetmek maksady bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň barşynda şu aşakdaky halkara gurallaryny işläp düzmek we döretmek meselelerine garamagy teklip edýär:
- Koronawirus genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite Maksatnamasy.Ol koronawirus ýokanjynyň etiologiýasyny düýpli öwrener, bu bolsa, köp babatda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli döreýän keselleri bejermegiň dogry usullaryny kesgitlemäge ýardam eder we ýokanjyň ýokuşma usullary hem-de onuň mutasiýasy baradaky bar bolan sowallara jogap berer;
- Öýken sowuklamasyna garşy göreşde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň köptaraplaýyn guraly. Onuň esasy wezipesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda ýokanjyň täze görnüşiniň döredýän keselleriniň mälim bolmadyk ýüze çykmalaryny öwrenmekden ybarat bolup biler;
- Ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Usulyýet merkezi. Ol täze mikrobedenjikleriň gelip çykyşynyň tebigaty we şolar sebäpli ýüze çykýan keselleriň ýüze çykma görnüşleri bilen bagly bolan gözlegleriň netijelerine esaslanyp, täze ýokanç keselleri bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny hem-de teswirnamalaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan adamlara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, netijeli bejermek we adam ömrüni halas etmek maksady bilen, ýokarda agzalan başlangyçlary durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň we BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň goldawyna bil baglaýar.
Halkara syýasatynyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri
Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de berkitmek häzirki zaman şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar we ýakyn geljek üçin halkara gün tertibiniň esasy ugry bolmagynda galýar. Bu, ilkinji nobatda, global pandemiýa şertlerinde adaty howplaryň üýtgemegi we hereket edýän howpsuzlyk gurluşynyň tutuşlygyna wehimleriň täze utgaşmalaryna çalt uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.
Bu şertlerde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryndan we kabul edilen esas goýujy Konwensiýalaryň ýörelgelerinden ugur alyp, halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmeginiň tarapdary hökmünde çykyş etmegini dowam edýär.
Şol birwagtyň özünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ýurduň köptaraplaýyn özara hereketlerini giňeltmek boýunça çemeleşmeleriniň esasy bolup çykyş edýär.
Şu ýyl Türkmenistan özüniň hemişelik bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan bitarap daşary syýasaty netijeliligini, onuň dünýä jemgyýetçiliginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.
Häzirki wagtda, dünýäniň birnäçe sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe, BMG-niň öňdebaryjylygy eýeleýän ornunda halkara jemgyýetçiliginiň ylalaşykly hereketleri aýratyn ähmiýete we islege eýe bolýar. Bu şertlerde bitaraplyk işjeň, ylalaşykly çözgütleri kabul etmegiň hem-de parahatçylygy döretmegiň wajyp we netijeli guraly bolmaga gönükdirilendir.
Syýasy-hukuk derejesi hökmünde bitaraplygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara hukuk esaslaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.
BMG-ä agza ýurtlaryň ählisini Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň barşynda hödürlenilýän Kararnamanyň taslamasyny işjeň we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýarys.
Dawalaryň öňüni almak hem-de sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak babatynda bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça giň köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda Guramanyň agza döwletleriniň goldawy bilen BMG-niň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini, şeýle hem halkara guramalaryny bu geljegi uly köptaraplaýyn meýdançanyň çäginde gepleşiklere goşulyşmaga çagyrýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi göz öňünde tutýarys.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistan Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde Halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işi dowam eder. Bu Kadalar toplumy BMG-niň dolandyryş edaralarynyň, onuň parahatçylygy üpjün etmek we berkitmek boýunça bar bolan ýöriteleşdirilen düzümleriniň gurallarynyň üstüni ýetirer.
Öňüni alyş diplomatiýasy Türkmenistanyň bitaraplygynyň iň wajyp wezipesi we aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýa institutlarynyň, BMG-niň oňyn hyzmatlary hödürlemek we araçyllygy amala aşyrmak boýunça gurallaryň ähmiýetini aýratyn nygtaýarys. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Aşgabatdaky ştab-kwartirasy bilen alyp barýan işlerine ýokary derejede ýardam bermegini dowam eder.
Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, Sebit merkeziniň mümkinçiliklerini yzygiderli ýagdaýda açmak boýunça öz bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, öňde boljak mejlisiň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň orny «Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýar.
Şol birwagtyň özünde, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň Baş Assambleýanyň "Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak" atly Kararnamasynyň taslamasynyň toparlaýyn hödürlenilmeginiň zerurdygyny belleýär.
Ýokarda agzalan resminamalara köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özüniň netijeliligini görkezen gurallaryny, hususan-da, Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň we Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň edara edilmegi boýunça tekliplerini girizmegiň wagty diýip hasap edýäris.
Agzalan resminamalaryň taslamalarynyň işjeň we gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylmagyna umyt edýäris.
Türkmenistan parahatçylyk medeniýetiniň hem-de halkara gatnaşyklaryna ynam bildirmegiň has doly we hemmetaraplaýyn kemala getirilmegini berk we durnukly howpsuzlyk ulgamyny gurmagyň esasy hökmünde hasaplaýar.
Dünýä halklarynyň parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak däplerini emele getirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy tarapyndan goşmaça tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy kabul edildi.
Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirip başlamak bilen, Türkmenistan 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edýär.
Türkmenistan terrorçylygy, ekstremizmi, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygy, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanşygyny, adam söwdasyny halkara howpsuzlygyň ýiti howplary we wehimleri hökmünde kabul edýär.
Türkmenistan esasy utgaşdyryjy merkezi Birleşen Milletler Guramasy bolan terrorçylyga garşy halkara göreş ulgamynyň berkidilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Terrorçylyk wehimine garşy göreşde halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynda esasy dolandyryş ornuny eýeleýän BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş gullugynyň işine ýokary baha berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda, Türkmenistan 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasynyň we 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmeginiň dördünji tapgyryna girişýän Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyna esaslanyp, BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasynyň sebit derejesinde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegi maksat edinýär.
Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýany durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa sebitinde toplanan tejribäni nazara almak bilen, bu strategiýany amala aşyrmaga sebit we sebitara çemeleşmeleri yzygiderli işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris.
Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Sebitara syýasy Dialogy guramagy teklip edýäris.
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş gullugy bu başlangyjy öňe sürmekde esasy öňdebaryjy orny eýeleýär diýip hasaplaýarys.
Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky meseleleriň biri hökmünde ýaraglaryň ýaýradylmazlygyny we ýaragsyzlanmak düzgünini üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýar.
Bu hereketde esasy orny Birleşen Milletler Guramasyna we esasy düzüm bölekleri Baş Assambleýanyň Birinji komitetiniň, BMG-niň ýaragsyzlanmak boýunça komissiýasynyň we Ýaragsyzlanmak baradaky Konferensiýasynyň utgaşykly işi bolan BMG-niň köptaraplaýyn ýaragsyzlanmak guralyna berýäris.
Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolagyny döretmek baradaky Şertnamanyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalar ýaly esas goýujy halkara şertnamalaryň we BMG-niň konwensiýalaryna gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan sebitde we dünýäde ýaragsyzlanmak hereketlerine mümkin bolan ýardamy mundan beýläk hem bermegi dowam eder.
Tutuşlygyna alnanda, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlygyň bütindünýä gurluşynyň mundan beýläk-de gurulmagyna bagly bolan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň çalt güýje girmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris.
Sebit derejesinde Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolagy döretmek baradaky şertnamany mundan beýläk-de öňe sürmegini we onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş sekretarynyň ýaragsyzlanmak boýunça orunbasarynyň edarasy we beýleki degişli halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.
Türkmenistan, ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky şertnama gatnaşyjy taraplaryň 2021-nji ýylda geçiriljek Gözden geçiriş maslahatyna ýarag ýaýratmazlyk düzgünine we ýaraglanma gözegçilik ulgamynda durnuklylyk derejesini peseltmek boýunça häzirki zaman ýörelgeleriniň çygrynda oňa şertnamanyň çäklerindäki taraplaryň borçnamalaryny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.
Ýaýratmazlyk meseleleri boýunça halkara-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak babatda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegi derwaýys hasaplaýarys.
Ýaragsyzlanmak ulgamynda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmekde netijeli ädimleriň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we giňeltmek bolup durýar.
Şu jähtden, BMG-niň Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça Sebitýaka merkezini döretmek meselesine garamak barada Türkmenistanyň teklibini ýatladýarys.
Bütindünýä maglumat torlarynyň çalt depginlerde ösýän şertlerinde maglumat howpsuzlygyna täsir edýän wehimleriň derejesi ýokarlanýar we gerimi giňeýär. Birleşen Milletler Guramasyna bu ulgamda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga esasy ornuny belleýäris we BMG-niň howandarlygynda maglumat giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça köpugurly hukuk gurallarynyň işläp taýýarlanylmagy we kabul edilmegini zerur hasaplaýarys.
Halkara gatnaşyklarynyň sanly ulgamynda güýç ulanmazlyk, döwletiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we goşulmazlyk ýaly ählumumy ykrar edilen ýörelgeleriň dahylly bolmalydygyna berk ynanýarys.
Howpsuzlyga howp salmak üçin dünýä maglumat torlaryny ulanmak bilen baglanyşykly bütindünýä wehimlerini, şeýle hem sebit we halkara durnuklylygyny berkitmek üçin maglumat tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistan bu ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleriniň tutuş toplumyna garamak üçin BMG-niň howandarlygynda köptaraplaýyn yzygider gepleşik hökmünde Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy boýunça bütindünýä Forumyny guramak mümkinçiligine garamagy maksadalaýyk hasaplaýar.
Durnukly ösüş
Häzirki zaman wehimleri we howplary dünýä ykdysadyýetiniň, söwdanyň, halkara ulag we energiýa ulgamlarynyň işine düýpli täsir ýetirýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde çylşyrymly wezipeleri öňde goýýar.
Türkmenistan Bütindünýä strategiýalaryň, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşe ýetmek ugrundaky Gün tertibiniň, durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek meseleleri boýunça häzirki zaman şertlerinde yzygiderli gepleşikleri üpjün etmegiň zerurdygyny üýtgewsiz nygtaýar.
Şu jähtden, DÖM-na ýetmek üçin zerur bolan serişdeleri ýygjamlaşdyrmak we netijeli ulanmak maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Hereketleriň Addis — Abeba Maksatnamasynyň çözgütlerini ýerine ýetirmeginiň tizleşdirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris.
Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäginde 2022-nji ýylda BMG-niň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garamagyň maksadalaýykdygyny belläp geçýäris.
Ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi juda ähmiýetli diýip hasaplaýarys. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin meýdançalary döretmek zerurdyr.
Türkmenistan energetika, senagata, ulaga we söwda ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde seredýär.
Deňlige, bu herekete gatnaşýanlaryň ählisiniň bähbitleriniň ykrar edilmegine we hasaba alynmagyna, oýlanyşykly bahany emele getirmeklige esaslanan adalatly we aç-açan ýörelgelerde dünýä bazarlaryna energiýa üpjünçiligini ýola goýulmagy we dikeldilmegi häzirkizaman şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedigine ynanýarys. Bu maksada ýetmeklikde iň wajyp ugurlarynyň biri bolup energiýa akymlarynyň diwersifikasiýasy çykyş edýär.
Şunlukda, Türkmenistan dünýä bazarlaryna energiýa çeşmeleriniň iberilmeginiň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, onuň netijesinde, BMG-niň Baş Assambleýasy 2008-nji we 2013-nji ýyllarda konsensus ýoly bilen degişli Kararnamalary kabul etdi.
75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan tarapyndan ozal agzalan başlangyçlary öňe sürmek boýunça, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýanyň üstaşyr geçirilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň döwrebap halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek mümkinçiliklerine garamaga gönükdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek arkaly tagallalary dowam etmegi maksat edinýäris.
Halkara ulag gatnawy ýaly möhüm ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen çemeleşmeleri talap edilýär.
Türkmenistan, durnukly we howpsuz ulaglar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek hereketleriniň täsirinde hereket edýän ýurt hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlady we Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň garamagyna hödürledi.
Ähli döwletleri we BMG-niň ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralaryny hödürlenen Kararnamanyň taslamasy boýunça gepleşik hereketine işjeň we netijeli gatnaşmaga çagyrýarys.
2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegini meýilleşdirýän, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny ulag pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli we özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak üçin meýdança hökmünde kabul edýäris.
Türkmenistan netijeli köptaraplaýyn söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň bu işde öňdebaryjy orny eýelemelidigine ynanýarys.
Üstümizdäki ýylda BSG-de synçy derejesini alan Türkmenistan, dünýä ykdysadyýetinde we söwdasynda çökgünçilikli hadysalary ýeňip geçmek boýunça amaly çäreleri öňe sürmek üçin bu ugurda dörän mümkinçiliklerden işjeň peýdalanar.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň dowam etdirilmegine aýratyn üns berýär.
Koronawirus pandemiýasynyň dürli sebäplere görä köp ýyllaryň dowamynda oňaýsyz ekzogen faktorlaryň täsiri astynda ýaşaýan daşky gurşaw töwekgelçiligine sezewar bolan sebitlere aýratyn howp salýar diýip hasaplaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrýar.
Aralýaka we onuň çäginden uzakdaky sebitde ýaşaýan adamlaryň saglygyna, tebigatyna, howasyna ýaramaz täsirini ýetirýän, Aralyň guramagy bilen şertlenen, ekologiki betbagtçylygyň zolagynda emele gelýän howa massalarynyň aýratyn howpa eýedigini belleýäris.
Guran Aral deňziniň düýbünden aýratyn zyýanly maddalary göterýän tozan-duz tupanlary müňlerçe kilometre ýaýraýar we adam ömrüne howp salýarlar.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan «Rio + 20» Durnukly ösüş sammitinde öňe sürlen BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmegi dowam etdirer.
Baş Assambleýanyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk baradaky» Kararnamalaryna esaslanyp, 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we durmuş komissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Konsepsiýanyň deslapky taslamasyny we geljekki Ýörite maksatnamanyň gurluşyny garamaga hödürlemegi niýet edinýäris.
BMG-niň agza döwletlerini we halkara guramalaryny bu resminamanyň anyk ara alnyp maslahatlaşylmagyna çagyrýarys.
Aral ekologiki betbagtçylygynyň howanyň hapalanmagyna we ahyrky netijede adam saglygyna ýetirýän ýaramaz netijeleriniň göni täsiriniň faktoryny nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň Daşky Gurşaw baradaky Maksatnamasy bilen bilelikde hyzmatdaşlykda howa akymlarynyň hapalanmak derejesiniň ýokanç, ankologiýa we ýürek-damar keselleriniň derejesi bilen korrelýasiýasyny öwrenmek boýunça halkara barlaglary guramak baradaky teklibi girizmegi niýet edinýär.
Hazar deňzinde bioköpdürlüligi we ekologiki deňagramlylygy gorap saklamagy daşky gurşawy goramak ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde hasaplaýarys.
Häzirki wagtda Türkmenistan täze Hazar ekologik maksatnamasynyň Konsepsiýasyny işläp taýýarlady, onuň taslamasyna ýakyn geljekde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky duşuşygynda serediler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) we beýleki halkara daşky gurşawy goramak ugurly düzümleriň bilermenlerini bu resminamany ara alyp maslahatlaşmaga çekmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy
BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary ulgamyndaky esas goýujy Konwensiýalaryna we beýleki köptaraplaýyn halkara aktlaryna ygrarlylygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça mundan beýläkki netijeli çärelere taýýardygyny mälim etdi.
Şu jähtden, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde, guramanyň halkara hukuk resminamalary esasynda kabul edilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça milli, sebitleýin we global strategiýalary durmuşa geçirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyga tagallalary gönükdireris.
Aýdylanlardan ugur alyp, Baş Assambleýanyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiniň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda, Aşgabatda BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Sebitleýin Edarasynyň wekiliniň mandatyny döretmegi meýilleşdirýäris.
Şeýle hem, 75-nji mejlisde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamagy meýilleşdirýäris, onda Adalatçynyň diwanynyň milli institutynyň ösdürilmegine we onuň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär.
Jemleýji düzgünler
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, öňe sürlen halkara başlangyçlar we teklipler, ýurdumyzyň BMG-niň ähli agza döwletleri, guramalary, edaralary, agentlikleri we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk baradaky çemeleşmelerini kesgitleýär.
Türkmenistan ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy goldaýar we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmegiň, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent ýörelgelerini ykrar etmegiň bähbidine bilelikdäki netijeli işe ähli hyzmatdaşlary çagyrýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi