Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.
Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara
guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda Hökümete degişli bolmadyk
guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň
hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Şeýle
hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny
artdyrmak, ekologik ulaglaryň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli
ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam
bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş
işlerini, çäreleri geçirmek bellenildi.