13-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň
energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzyň başlangyjy
boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün
tertibine girizilen we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak
meselelerine garaldy.
Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly,
köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn hyzmatdaşlyga yzygiderli ygrarly döwletimiz
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasaty durmuşa
geçirip, doganlyk ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze anyk mazmun bilen
baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine
üç döwletiň Baştutanlarynyň — Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Aliýewiň hem-de
Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda 14-nji dekabrda geçiriljek gepleşikler şaýatlyk
edýär.