Türkmenistanyň
Prezidenti «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň
Kanunyna gol çekdi. Kanun esasynda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi
hem-de medal hakynda Düzgünnama, şeýle hem medalyň Ýazgysy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen maslahatynda
kabul edilen «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet
sylagy bolup durýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen durmuş,
jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine,
lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç
çagalara we ýaşlara maliýe, maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek
bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt
raýatlary sylaglanylýar.