milli goshun logo
Türkmenistany ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistany ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
16.05.2023 697 Habarlar

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşanlar gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän netijeli özgertmeler döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşmegini üpjün etdi. Şunda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygy bellenildi.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde býujet-salgyt syýasatyna wajyp ornuň degişlidigini bellemek gerek. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi ýurtda maliýe taýdan durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüş üçin maliýe höweslendirmelerini döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň kepilidigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylary ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.